Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglaryny, ýurduň halkyna bolsa bagtyýarlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny uly şatlyk bilen beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär. Imperator Naruhito gutlagynda geçen ýylyň dekabr aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparyň dowamynda geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.