Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada TDH habar berýär. Serjio Mattarella gutlagynda: «Ýurtlarymyzyň arasyndaky barha pugtalandyrylýan dostlukly gatnaşyklar syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge ýardam berýär. Siziň bilen geçen ýylyň oktýabr aýynda geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn» diýip belledi. Sebitara we halkara hyzmatdaşlygyna ýokary baha berlip: «Şeýle hem Italiýa sebit derejesindäki hyzmatdaşlygymyzyň ösdürilmegini goldaýar. «Italiýa — Merkezi Aziýa» formaty bilelikdäki täze başlangyçlary öňe sürmek we häzirki döwrüň ählumumy meselelerini bilelikde çözmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar» diýlip nygtalýar. Italiýanyň Prezidenti Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň tutuş sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirip, döwlet Baştutanyna we halkyna gutlaglaryny ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→