Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada TDH habar berýär. Waagn Haçaturýan gutlagynda: «Türkmenistan durmuş we syýasy özgertmeleriň, ykdysady ösüşiň we sebit hyzmatdaşlygyny üpjün etmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen, ýurtlarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrjakdygymyza ynanýaryn» diýip belledi. Ermenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→