Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Döwlet Baştutany ýol ugruna medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Joşgunly çykyşlar dabara türkmen toýlaryna mahsus hakyky baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Soňra Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi. At çapyşyklar tamamlanandan soňra, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Olar döwlet Baştutanyna we Gahryman Arkadaga ýurtda atçylyk sportuny ösdürmek babatda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewleriň Ýer ýüzündäki şöhratyny artdyrmak ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→