Şu gün baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurda gelen «Toyo Engineering Corporation» ýapon kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar geplşiginde habar berildi. Eiji Hosoi wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny ýurduň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutany myhmany mähirli mübärekläp, Eiji Hosoiniň ýurda amala aşyrýan saparynyň Türkmenistan bilen onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen hemişe özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw bermäge esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Döwlet Baştutany köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň ýurduň gaz pudagynda we himiýa senagatynda taslamalary durmuşa geçirendiklerini we şunuň bilen baglylykda, «Toyo» kompaniýasy bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi. Işewür türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, «Toyo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→