Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI Ispaniýanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär. Patyşa Filipp VI gutlagynda Türkmenistanyň Prezidentine abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.