Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada TDH habar berýär. Mohammed VI gutlagynda: «Mümkinçilikden peýdalanyp, Marokko Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklara çuňňur kanagatlanma bildirýändigimi beýan etmek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça Siziň bilen bilelikdäki işimizi dowam etjekdigimize umyt edýärin. Munuň özi halklarymyzyň bähbidine dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berer» diýip belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→