Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Döwlet Baştutany assosiasiýanyň agzalaryny mähirli mübärekläp, ýurduň baş baýramy — mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň geçirilýändigini hem-de onuň dowamynda birnäçe soraglara serediljekdigini, şeýle hem ahalteke atçylygyny ösdürmekde uly işleri alyp baran Assosiasiýanyň agzalaryna Türkmenistanyň hormatly atlarynyň dakyljakdygyny aýtdy. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşyna aýratyn orun berildi. Bellenilişi ýaly, ahalteke tohum atlaryny gorap saklamakda we baş sanyny köpeltmekde, behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagyň başlangyjy bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy häzirki wagtda abraýly halkara gurama öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda 29-njy sentýabrda Köpetdagyň eteginde durky döwrebaplaşdyrylan, häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini we oňa assosiasiýanyň agzalarynyň hem gatnaşjakdygyny aýtdy hem-de geljekde hem ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini belledi. Soňra döwlet Baştutany Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek, Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryna hormatly atlary dakmak maksady bilen taýýarlanylan resminamalara gol çekdi. Şunuň bilen baglylyk-da, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryny sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly atlara mynasyp bolan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň atşynaslaryny gutlap, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→