Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurda sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Gahryman Arkadaga hem-de Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny we hoşniýetli gutlaglaryny ýetirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine we Hökümetiniň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadag myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Şeýle hem myhmanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabara gatnaşmagynyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedigini nygtap, birek-birege ynanyşmak we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryň hyzmatdaşlygyň esasyny düzýändigini belledi. Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli we netijeli esasda ösdürilýär. Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagyň şu ýylyň maý aýynda Tatarystan Respublikasyna bolan saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygy bellenildi. Tatarystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparyna möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadag we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar hem-de Türkmenistany we Tatarystanyň doganlyk halklaryna gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.