Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda giňden bellenilýän Garaşsyzlyk toýuna gatnaşýan «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, şeýle hem «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkiýeli işewürler Türkmenistanyň Garaşsyzlyk toýunyň bellenilýän günlerinde wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagy, Türkmenistanyň Prezidentini we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen gutladylar. Şeýle hem işewürler Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gahryman Arkadaga hem-de Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny hem-de hoşniýetli gutlaglaryny ýetirdiler. Gahryman Arkadag Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli toý-dabaralaryň giňden geçirilýän günlerinde myhmanlary gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda kabul edýändigine şatdygyny belledi we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadag toý şatlygyny paýlaşmaga gelendigi üçin myhmanlara minnetdarlyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklary birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli alnyp barylýar. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de iri türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→