Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny we gazanan ýokary netijelerini, şeýle hem hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Gol çekilen resminama laýyklykda Türkmenistanyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy: Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atly sport we marafon bölüminiň seýsi — topar ýolbaşçysy Durdymyrat Kanaýewe Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady; Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň çapyksuwary Begençmyrat Kakamyradowiç Agamyradowa, Aşgabat şäherinden hususy atşynas Berdimuhammet Sadykmuhammedowiç Berdimuhammedowa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady. Şu daşary ýurt raýatlaryna: Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Marian Weltewredene, Hytaý Halk Respublikasynyň «Daqing Huiyou Breeding Co., Ltd.» atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine, Estoniýa Respublikasyndan hususy atşynas, halkara derejeli weterinar lukman Kaido Puuseppe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→