Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. TDH-de habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli resminama Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, behişdi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de assosiasiýanyň agzalarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen gol çekdi.