ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio oktýabr aýynyň ortalarynda Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar etjek 100-den gowrak amerikan kompaniýasynyň wekillerinden ybarat işewürler wekiliýetine ýolbaşçylyk eder. Bu barada ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Gor 24-nji sentýabrda ABŞ-nyň Hindistandaky diplomatik wekilhanasynyň resmi saýtynda çap edilen maglumatynda habar berdi. Diplomatyň sözlerine görä, saparyň esasy maksady ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem sebit bilen ikitaraplaýyn diplomatik, söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden ybarat. Rubio Samarkant şäherinde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri bilen C5+1 formatynda geçiriljek daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar. Taraplar sebitleýin ykdysady arabaglanyşygy ösdürmek, energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak we sebit üçin umumy bolan meseleleri çözmek boýunça bilelikdäki çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler. Saparyň dowamynda Rubio Özbegistanyň ýolbaşçylary, şeýle hem sebitiň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirer. Gepleşikleriň esasy meseleleri söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, hususy pudagyň maýa goýumlaryny çekmek we, umuman, Merkezi Aziýada ykdysady döwrebaplaşdyrma işlerini goldamak bolar. ABŞ-nyň diplomatik wekilhanasy Döwlet departamentiniň ýolbaşçysynyň öňümizdäki saparyny taryhy waka diýip atlandyrdy. Munuň esasy sebäpleriniň biri sapara gatnaşjak işewürler wekiliýetiniň uly möçberde bolmagydyr: onuň düzümine 100-den gowrak amerikan kompaniýasy girer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→