Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň binasynda tegelek stol geçirildi. Çäräniň esasy temasy SMART ulgamyny, onuň ýörelgelerini we gözegçilik usullaryny ýurduň aýratyn goralýan tebigy ýerleriniň işine ornaşdyrmak boldy. Ministrligiň resmi saýtynda habar berlişine görä, çärä milli bilermenler we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar SMART ulgamynyň üstünlikli geçirilen synag taslamalarynyň netijelerini, onuň ýörelgelerini we usullaryny, şeýle hem ministrlige degişli tebigaty goraýyş edaralarynyň gündelik işinde bu ulgamy ulanmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem SMART ulgamynyň meýdan şertlerinde maglumatlary ýygnamak, haýwanlaryň we ösümlikleriň, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen hem-de ýok bolmak howpy abanýan görnüşleriň hasabyny ýöretmek, bikanun awçylyga garşy göreşmek üçin ulanylyşynyň aýratynlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, biologik köpdürlüligi gorap saklamak boýunça maglumatlary ýygnamak we jemlemek, soňra bolsa olary ministrligiň sanly ulgamyna birleşdirmek meselelerine garaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar SMART ulgamynyň ornaşdyrylmagyny biologik köpdürlüligiň ýagdaýyna gözegçiligi kämilleşdirmek, tebigaty goraýyş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak we Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy ýerlerini dolandyrmak boýunça mümkinçilikleri pugtalandyrmak babatda möhüm ädimleriň biri hökmünde kesgitlediler. Bu çäre Germaniýanyň hökümetiniň adyndan halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan amala aşyrylýan "Merkezi Aziýada howanyň üýtgemeginiň hasaba alynmagy bilen ýer serişdelerini integrirlenen peýdalanmak boýunça sebitleýin maksatnamasy” (ILUCA) we Türkmenistandaky Conservation XLabs maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy.