Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hünärmeni Gülşan Igdirowa 24-nji sentýabrda Buharest şäherinde Rumyniýanyň ÝUNESKO işleri boýunça Milli komissiýasynyň binasynda gibrid görnüşde geçirilen «KURULTAI 2026» halkara maslahatynda çykyş etdi. Türkmenistanyň wekili öz tanyşdyryş çykyşynda müdirligiň alyp barýan işleri, ýurtda maddy däl medeni mirasy goramagyň hukuk binýady, etnografik ekspedisiýalaryň işi, şeýle hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada maglumat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň saýty habar berýär. Maslahatyň iş çäreleri iňlis we rumyn dillerinde geçirildi. Şeýle hem beýleki ýurtlardan gelen wekiller degişli ugurlar boýunça tanyşdyryş çykyşlary bilen çykyş etdiler. Türk halklarynyň milli özboluşlylygyny beýan etmekde «Gorkut ata» mirasynyň möhüm orny aýratyn bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→