Ýaponiýanyň Hökümeti tebigy betbagtçylyklara garşy göreş boýunça edara döretmek kararyna geldi, ol 2-nji noýabrda işläp başlar. Bu barada ýurduň Ministrler Kabinetiniň saýtyna salgylanýan TASS habar berdi. Öň bu barada çözgüt ýurduň Parlamenti tarapyndan tassyklanypdy. Täze edara Premýer-ministriň ýolbaşçylygynda tebigy betbagtçylyklary çaklamak we olar ýüze çykan halatynda ähli halas ediş hem-de dikeldiş işleri bilen meşgullanar. Onuň gündelik işine ýörite bellenen ministr ýolbaşçylyk eder. Ministriň öz meselesi boýunça hökman ýerine ýetirmek şerti bilen, beýleki ministrliklere we edaralara maslahat bermek hukugy bolar. Geljek iki ýylyň dowamynda täze edaranyň ýerli bölümlerini döretmek meýilleşdirýär. Ýeri gelende aýtsak, Ýaponiýada her ýyl 1,5 müň ýertitreme hasaba alynýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→