Türkmenistanyň ilaty ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli yglan edilen uzak dynç günlerine taýýarlanýar. Bu günleri öýde geçirmek isleýänler üçin «Belet» onlaýn kinoteatry platformasyna ýaňy goşulan täze filmleriň we seriallaryň ýygyndysyny taýýarlady. Täze goşulan filmleriň arasynda režissýor Romen Gawrasyň «Ýagdaýlaryň pidasy» («Sacrifice») diýen dartgynly wakalara baý satiriki kinaýaly komediýasy hem bar. Film kinoteatrlarda ilkinji gezek 2026-njy ýylyň awgust aýynda görkezildi. Içalyçylyk žanryndaky trillerleri halaýan tomaşaçylar bolsa režissýor Raşel Langyň «Mata» atly fransuz filmine üns berip bilerler. Film «Warner Bros. France» kompaniýasynyň goldawy bilen 2026-njy ýylyň 27-nji maýynda dünýä prokatyna çykdy. Kriminal dramalaryny halaýan tomaşaçylara «Belet» platformasy «Amerikan girewine alnan» («American Hostage») atly amerikan antologiýa serialyny hödürleýär. Onuň ilkinji bölümi 2026-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda «MGM+» striming hyzmatynda görkezildi. Serialyň wakalary 1977-nji ýylda bolup geçen hakyky wakalara esaslanýar we meşhur kriminal podkastynyň mazmunynyň esasynda ekranlaşdyrylypdyr. Şeýle hem resmi taýdan «Apollonyň ýykylmagy» («Apollo Has Fallen») diýen serialyň ikinji möwsümi elýeterli bolar. Komediýa žanryny halaýanlar üçin platformada Mettýu Makkonahi bilen Wudi Harrelsonyň baş keşpleri janlandyrýan «Doganlar» («Brothers») serialy hem peýda boldy. Serialyň ilkinji bölümi 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda «Apple TV+» platformasynda görkezildi. Başdan geçirmeler žanryny halaýan tomaşaçylara bolsa režissýor Jeýms Nannanyň «Ýene bir soňky ok» («One Last Shot») atly britan söweşjeň filmi gyzykly bolup biler. Bu film režissýoryň franşizasynyň üçünji bölümi bolup, onuň sanly görnüşdäki relizi 2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda geçirildi. Täze filmler bölüminde režissýor Endrýu Pattersonyň «Amzia Kingiň garşydaşlary» («The Rivals of Amziah King») atly kriminal äheňli neowester-trilleri, Enn Heteueýiň we Ýuen Makgregoryň baş keşplerde çykyş edýän ylmy-fantastik «Ouk-stritiň çetinde» filmi, Meksikanyň «Kazyýet» («El Juicio») atly drama görnüşindäki kiçi göwrümli serialy, şeýle hem Mersedes Ronyň meşhur çeper eseriniň esasynda Ispaniýada ekranlaşdyrylan «Pil süňki» («Marfil») filmi hem bar. Ýokarda agzalan täze eserlerden başga-da, «Belet» platformasynda dürli ýaşdaky tomaşaçylar üçin, şol sanda çagalar üçin multfilmleri we gepleşikleri öz içine alýan giňişleýin toplum hödürlenýär. Bu bolsa baýramçylyk dynç günlerinde her bir tomaşaçynyň özüne laýyk güýmenje tapmagyna mümkinçilik berýär.