Amerikaly zenan işde arakesme wagty lotereýada 2 million dollar utdy, emma bu barada işdeşlerine gürrüň bermezlik kararyna geldi diýip, «People» neşiri habar berdi. Ýagny Portsmut şäherinde ýaşaýan zenan iş gününden soňra «Love Food Mart» dükanyna girdi. Petek satyn alyp, lomaý utuşyň eýesi bolandygyny bildi. «Men ertesi işime gelip, özümi göýä hiç zat bolmadyk ýaly alyp bardym» diýip, ol gürrüň berdi. Bagty çüwen zenan utuşyň bir gezeklik tölenýän bölegini, ýagny 952 müň dollary alypdyr. Ol utuşyny nämä harçlajakdygyny gizlin galdyrmak isläpdir diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→