Hytaýyň Milli Nebit-Gaz Korporasiýasy (CNPC) «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly 31-nji Halkara maslahatyna we sergisine platina hyzmatdaş hökmünde gatnaşar. Bu forum 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriler. Kompaniýanyň bu foruma gatnaşmagy Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna gabat gelýär. 2026-njy ýylyň aprel aýynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyrynyň çäklerinde işler başlandy. Bu bolsa bilelikdäki hyzmatdaşlygyň täze ugrunyň düýbüni tutdy. Taslama ulanyş guýularyny burawlamagy we ýylda 10 milliard kub metr harytlyk tebigy gaz öndürmäge niýetlenen gazy taýýarlamak desgasynyň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Forumy guraýjylaryň beren maglumatynda bellenilişine görä, işler tamamlanandan soň 1000-den gowrak hemişelik iş ornunyň döredilmegine garaşylýar. «CNPC» Aşgabatda geçiriljek «OGT 2026» forumynyň platina hyzmatdaşy bolar «CNPC» Türkmenistanda 2007-nji ýyldan bäri işleýär. Iki ýurduň energetika hyzmatdaşlygynyň esasy taslamalarynyň biri 2009-njy ýylda ulanmaga berlen Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisidir. Häzirki wagtda hereket edýän üç şahasy arkaly her ýyl Hytaýa 30 milliard kub metrden gowrak türkmen gazy iberilýär. Gurnaýjylaryň maglumatyna görä, 2026-njy ýylyň apreline çenli Hytaýa iberilen gazyň umumy möçberi 430 milliard kub metrden geçdi. Kompaniýa türkmen energetika pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem talyplaryň Hytaýda bilim almagyna hem goldaw berýär. «OGT 2026» forumy energetika kompaniýalarynyň, maýadarlaryň, döwlet edaralarynyň we tehnologiýa üpjün edijileriniň wekillerini bir ýere jemlär. Maslahatyň gün tertibine «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek, eksport infrastrukturasyny ösdürmek, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisi taslamasy, Hazar deňzindäki taslamalar, gazy gaýtadan işlemek, pudagy sanlylaşdyrmak we metan zyňyndylaryny azaltmak bilen bagly meseleler giriziler. Halkara maslahatyň we serginiň guramaçylary «Türkmengaz» döwlet konserni, «Türkmennebit» döwlet konserni, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, şeýle hem «Türkmen Energy Forum» (TEF) kompaniýasydyr.