Owganystanyň Hyrat şäherinde «Lapis Lazuli» ulag-geçelgesi boýunça ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak we olaryň hereketini ýeňilleşdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan iş duşuşygy geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.