Tailandyň Pattaýa syýahatçylyk şäherini güýçli çabgalardan soňra emele gelen sil gark etdi. Joşup akýan suw akymlary sanaýmaly sagatda şäheriň köçelerini hakyky derýa dönderdi, ulaglaryň hereketi hem bozuldy diýip, «news.by» habar berýär. Käbir etraplarda siliň derejesi şeýlebir howply boldy welin, yzyny kesmän gelip duran suw binalaryň birinji gatyny gark etdi, köçelerdäki motosiklleri syryp äkitdi. Ýerli ýaşaýjylardyr dynç alýanlar öz emläklerini gyssagly halas etmeli boldular. Ýollarda köp kilometrlik dyknyşyklar emele geldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→