Azerbaýjanyň 10-njy ýubileý Gran-prisiniň çäklerinde Bakuda geçjek «Formula-1» ýaryşyna tomaşa etmäge baran daşary ýurtly syýahatçylaryň sany rekord derejä ýetdi, ýagny 16 müň adamdan agdy diýip, «khabar.kg» habar berdi. Geçen ýyl bu ýaryşlara tomaşa etmäge gelen daşary ýurtlularyň sany 14 müňe deň bolupdy. Ýaryşlara halkara ünsüniň artmagy petekleriň satuwynda hem duýulýar. Bu ýyl Azerbaýjanyň Gran-prisiniň peteklerini 120 ýurtdan bolan janköýerler satyn aldy. Bu awtoulag bäsleşiginiň çäginiň barha giňeýändigini hem-de Azerbaýjanyň paýtagtyna dürli ýurtlardan bolan janköýerleriň gyzyklanmasynyň artýandygyny aňladýar.