Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde 24-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, maslahata ministrligiň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurtlarda akkreditirlenen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça mundan beýläk görülmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň kanuny, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň bitaraplygy» milli konsepsiýasy, Türkmenistanyň 2030-2045-nji ýyllar üçin senagat ösüşiniň milli strategiýasy, şeýle hem Türkmenistanda döwlet ýaşlar syýasaty babatda 2031-nji ýyla çenli döwür üçin döwlet maksatnamasy bar.