Gyrgyzystanyň Parlamenti Respublikanyň Prezidentiniň nobatdaky saýlawlarynyň geçiriljek senesini kesgitledi. Ýagny ses berlişik 2027-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda bolar diýip, «ria.ru» habar berdi. Deslapky maglumatlara laýyklykda, GR-de wagyz işleri möwsümi 2026-njy ýylyň dekabrynyň ahyrynda başlanar. Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, Gyrgyzystanyň Prezidenti bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar. Döwlet baştutany wezipesine 35 ýaşa ýeten, döwlet dilini bilýän we Respublikada azyndan 15 ýyl bäri ýaşap gelýän GR-iň raýaty saýlanyp biler. Öň Sadyr Žaparow ýurduň Prezidentiniň geljekki saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny mälim edipdi. Ol 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda bolan döwlet Baştutanynyň möhletinden öňki saýlawlarynda saýlawçylaryň sesiniň 79,2 göterimini aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→