Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär. «Ermenistan Türkmenistan bilen köpasyrlyk dostluga, birek-birege hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Size berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin. Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin» diýlip, Ermenistanyň Prezidentiniň gutlagynda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→