Türkiýäniň gündogar böleginde güýji 5,1 bala deň bolan ýer sarsgyny hasaba alyndy. Bu barada Ýewropa-ortaýer seýsmologik merkezine (EMSC) salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. Ýerasty sarsgynlaryň merkezi Şanlyurfa şäherinden demirgazyk-günbatarda 24 kilometrde hasaba alyndy, ojagy 10 km çuňlukda ýerleşdi. Ejir çekenler we ýykylan binalar barada habar berilmeýär. Öň seýsmolog Owgun Ahmet Erjan Stambuluň kenarynda kiçi ýer sarsgynlarynyň döremek howpy barada çaklama aýdypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→