Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzda dürli medeni çäreler geçiriler. Käbir konsertler barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. 26-njy sentýabrda «Watan» kino-konsert merkezinde Meýlis we Musa Halbaýewleriň konserti geçiriler. Konsert 17:00-da başlanar. 27-nji sentýabrda «Watan» kino-konsert merkezinde türkmen estrada sungatynyň meşhur aýdymçylarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçiriler. Konsertde Maksat Tuwakow, Parahat Pürjäýew we Begmyrat Çaryýew çykyş ederler. Konsert 19:00-da başlanar. 28-nji sentýabrda «Watan» kino-konsert merkezinde «Kino sazlarynyň altyn hazynasy» atly konsert geçiriler. Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, kompozitor Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky filarmoniýa ansambly tarapyndan söýlüp diňlenýän retro-filmlerde ýaňlanan, ýyllar geçse-de öz ähmiýetini ýitirmeýän sazlar ýerine ýetiriler. Konsert 19:00-da başlanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→