2026-njy ýylyň tomus yssysy Ýewropada 113 milliard ýewro töweregi ýitgä getirdi. Şeýle bahalandyrma «Allianz» halkara ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň täze hasabatynda getirilýär diýip, «belta.by» ýazýar. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, yssy howa 30 sany ýewropa ýurdunyň çaklanýan jemi içerki önümini takmynan 0,46 göterim kemeltdi. Pul aňlatmada has köp ýitgiler Italiýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň paýyna, ýagny umumy ýitginiň möçberiniň üçden iki bölegi hut şu ýurtlara degişlidir. Bu ýurtlaryň ykdysady ýitgileri degişlikde, 27,8 mlrd, 25 mlrd we 20,1 mlrd ýewro deň. Ykdysady ýitgiler ilkinji nobatda zähmet öndürijiliginiň pese gaçmagy bilen baglydyr. Güýçli yssy sebäpli işçiler işlerini haýal bitirýärler, kän arakesme edýärler ýa-da iş günlerini düýbünden goýberýärler, bu bolsa önümçiligiň möçberiniň kemelmegine getirýär diýlip, habarda bellenýär.