Wýaçeslaw Wolodin Döwlet dumasynyň dokuzynjy çagyrylyşynyň başlygy wezipesine hödürlendi, bu barada «Bütewi Russiýa» («Единая Россия») partiýasynyň başlygy Dmitriý Medwedewe salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Şeýle karary Medwedew Ýokary geňeş býurosynyň hem-de partiýanyň baş geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde habar berdi. «Döwlet dumasynyň başlygy barada. Men bu meseläni biziň döwletimiziň Baştutany Wladimir Wladimirowiç Putin bilen maslahatlaşdym. Wladimir Wladimirowiç Wýaçeslaw Wiktorowiç Wolodin bu wezipäni üstünlikli dowam eder diýip hasap edýär. Wýaçeslaw Wiktorowiçi bu wezipä hödürlemek barada teklibi goldaýaryn» diýip, Medwedew nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→