Özbegistan we Gazagystan 10-njy awgustdan başlap, harytlaryň 19 topary üçin tarif we tarif däl çäklendirmeleri aýyrýarlar. Taraplar bu ylalaşygy Daşkentde geçirilen özbek-gazak söwda-forumynda kabul etdiler. Ylalaşyk oba hojalyk önümlerini, dokma (tekstil) önümlerini, gurluşyk serişdelerini, enjamlary, elektrotehnikany, awtoätiýaçlyklary we mebelleri öz içine alýar. Özbegistanyň Söwda-senagat palatasynyň (ÖSSP) habar bermegine görä, söwda päsgelçilikleri baradaky meselä iki ýurduň premýer-ministrleriniň gatnaşmagynda golaýda Aktauda geçirilen hökümetara komissiýasynyň mejlisinde seredildi. «Bu ädimiň iki ýurduň telekeçilerine uly itergi berjekdigine ynanýarys» diýip, ÖSSP-niň başlygy Dawron Wahabow belledi. Gazagystanyň Özbegistandaky ilçisi Ýeraly Tugžanow hem goňşy ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki wagtda örän ýokary depginde ösýändigini nygtady. Ol bu hakda öz garaýşyny-da aýdyp geçdi. «Bir hepdäniň içinde 20-ä golaý haryt görnüşi boýunça päsgelçilikler aýryldy. Meniň pikirimçe, öň kararlaryň şeýle guramaçylykly hem tiz kabul edilen gezegi bolan däldir» Onuň sözlerine görä, Gazagystan Özbegistana 261 haryt ugry boýunça eksporty hem artdyryp biler. Häzirki wagtda sanawa aşakdakylar girizildi: Ter we doňdurylan gök önümler; Miweler, iýmişler we bakja önümleri; Däne ekinleriniň we olary gaýtadan işlemekden alnan önümleriň käbir görnüşleri; Şeker we süýji önümleri; Däneden taýýar önümler; Gaýtadan işlenen gök önümler we miweler; Alkogolsyz içgiler; Plastmassa önümleri; Pagta we pagta süýümi; Dokma, mata, eşik we trikotaž önümleri; Gurluşyk we keramika serişdeleri; Aýna we aýna önümleri; Metal gurnawlary we gara metallardan ýasalan önümler; Maşynlar we enjamlar; Elektrotehniki önümler; Awtoätiýaçlyklaryň käbir görnüşleri; Mebeller. Şol bir wagtda ÖSSP-de her topar boýunça takyk haýsy çäklendirmeleriň bolandygyny we olaryň iki ýurt tarapyndan haýsy wagtda aýryljakdygyny takyklamadylar. 2025-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 11% artyp, takmynan 5 milliard dollara ýetdi. Özbegistan bilen Gazagystanyň döwlet baştutanlary bu görkezijini iki esse artdyrmagy maksat edindiler.