Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Teatr işgärleriniň birleşiginiň (TIB RF) we A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň döredijilik laboratoriýasy geçirilýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Döredijilik tejribesi hökmünde russiýaly režissýorlar we türkmen artistleri bilelikde A.S.Puşkiniň «Kiçijik tragediýalar» ýygyndysynyň äheňinde deslapky spektakllaryň üstünde işleýärler. Laboratoriýa Daşary ýurtlardaky rus teatryny goldamak merkezi tarapyndan 2004-nji ýyldan bäri hereket edýän maksatnamanyň çäklerinde guraldy. Onuň geçirilmegi Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň 100-nji möwsümine bagyşlandy. «Teatr – bu Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özboluşly medeni köprüsi. Biziň taslamamyz eýýäm bar bolan bu köpriniň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir», — diýip, TIB RF-iň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Konstantin Gorin belleýär. Laboratoriýanyň çäklerinde «Daş gonak», «Husyt rysar» hem-de «Mosart we Salýeri» spektakllarynyň eskizleri döredilýär. Soňky agzalan spektakly taýýarlamak işlerine moskwaly režissýor Grigoriý Artamonow ýolbaşçylyk edýär. «Aşgabatdaky Puşkin adyndaky teatryň aktýorlarynyň haýran galdyryjy derejede işe berilşine aýratyn üns çekesim gelýär. Biz konsepsiýany eýýäm ikinji günüň agşamsyna çenli doly taýýarladyk. Artistler gijagşama çenli işlemäge taýýardy, olar yzygiderli gyzykly çözgütleri hödürleýärdiler, täze göçümleri oýlap tapýardylar. Bize gönümel üç günüň dowamynda materialy jemlemek başartdy», — diýip, režissýor paýlaşdy. Sahnalara taýýarlyk görmek üçin bäş gün berildi, türgenleşikler bolsa her gün 10 sagatdan gowrak dowam edýär. Şeýle-de, rus wekiliýeti Döwlet çeperçilik muzeýine, Baş milli muzeýe we Aşgabadyň teatrlaryna baryp gördi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir