Gonkong şäherinde Chanel kompaniýasynyň öňki işgärleri ammardan umumy bahasy 2,4 million dollara golaýlaýan 601 sany torbany we 123 sany gapjygy ogurlamaga synanyşypdyrlar. Başa barmadyk jenaýatlary üçin olar dört ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum edildi, diýip, FashionUnited neşiri ýazýar. Şowsuz synanyşyk on ýyl öň bolup geçen eken, emma kazyýet bu iş boýunça gutarnykly hökümi şu hepde çykardy. Ammaryň işgärleri brende degişli 724 sany önümi alyp çykmaga synanyşýarlar, emma polisiýa olary saklaýar. Soňra ol aksessuarlar öňünden meýilleşdirilişi ýaly ýok edilýär. Bu harytlary bazara çykarmak göz öňüne-de tutulmansoň, Chanel kompaniýasy mundan hiç hili ýitgi çekmedi. Bu kazyýet işi lýuks brendleriň öňler satylman galan harytlarynyň nähili ýoguna ýanýandyklaryny äşgär etdi. Şol wagt kompaniýalar çykarýan harytlarynyň eksklýuziwligini saklamak we bahalarynyň düşmegine ýol bermezlik üçin şeýle önümleri ýakyp, ýok edýärdiler. Kazyýet derňewiniň barşynda üsti açylan maglumatlara görä, Chanel-iň Gonkongdaky şahamçasy her ýarym ýylda 10 000-den 20 000-e çenli harydy şu usulda ýok edýän eken. Soňlugy bilen kompaniýalar bu çemeleşmäni üýtgetmäge mejbur edildi. 2019-njy ýyldan bäri Chanel satylman galan we zaýalanan önümleri «L’Atelier des Matières» başlangyjy arkaly gaýtadan işleýär, bu bolsa materiallary täzeden ulanmaga mümkinçilik berýär.