Merkezi Aziýa ýurtlary Syrderýa basseýninde suw serişdeleriniň awtomatik hasabyny ýöretjek ulgamy ornaşdyrmak boýunça meýilnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamagy makullady. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministrligi habar berdi. Çözgüt Türküstanda geçirilen Merkezi Aziýanyň Döwletara suw hojalygyny utgaşdyryjy komissiýasynyň 94-nji mejlisinde kabul edildi. Mejlise Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Genjiýew, Gazagystanyň suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitow, Täjigistanyň energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma, Özbegistanyň suw hojalygy ministri Şawkat Hamraýew, Türküstan oblastynyň häkimi Nuralhan Kuşerow, Gazagystanyň Özbegistandaky ilçisi Ýeraly Tugžanow, şeýle hem synçy hökmünde Gyrgyzystanyň wekilleri gatnaşdy. Gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň wegetasiýa döwri üçin Syrderýa we Amyderýa basseýnlerindäki suw howdanlarynyň aljak we goýberjek suwunyň çägine hem-de iş tertibine seretdi. Mejlisde suwuň awtomatlaşdyrylan hasaba alyş ulgamyny ornaşdyrmak baradaky meýilnamany işläp düzmek makullandy. Sentýabr aýyna çenli ýörite iş toparyny döretmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, taraplar Dünýä banky bilen bilelikdäki suw serişdelerini peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen CAWEC taslamasyny amala aşyrmagy, şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgütlerini ýerine ýetirmegi maslahatlaşdy. Merkezi Aziýanyň Döwletara suw hojalygyny utgaşdyryjy komissiýasynyň nobatdaky 95-nji mejlisi Türkmenistanda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir