Çagalaryň dogluş tertibi dürli keselleriň ýüze çykmagyna täsir edip bilýär. Şeýle netijä iki çagaly maşgalalardan bolan 10 milliondan gowrak adamyň maglumatlary boýunça geçirilen seljermeler sebäp boldy. Barlagçylar dogluş tertibi bilen 150 sany keseliň — ruhy bozulmalardan başlap, aşgazan-içege kesellerine çenli aralykdaky sökellikleriň möhüm baglanyşygyny tapdylar. Nature Health žurnalynda çap edilen ylmy barlaglaryň netijelerine görä, maşgaladaky ilkinji çagada neýro-ösüş bozulmalary, şol sanda autizm we ÜÝAHS (üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromy) has köp duş gelýär. Şeýle-de olarda allergiýa keselleriniň, Turett sindromynyň, was-waslygyň (obsessiw-kompulsiw bozulmasynyň), jahyl düwürtiginiň we demgysmanyň döremek töwekgelçiligi ýokarydyr. Körpe çagalarda ýagdaý başgaça bolup, olar, köplenç, neşe we serhoş ediji serişdeleri çakdanaşa ulanmak ýaly ýaramaz endiklerden, aşgazan-içege ulgamynyň kesellerinden hem-de gurşawly demrew ýaly ýokançlardan ejir çekýärler. Barlagçylar şeýle tapawudyň ýüze çykmagyna fiziologik, immunologik we jemgyýetçilik sebäpleriniň toplumlaýyn täsir edýändigini belleýärler. Aýratyn-da, birinji çagalaryň ömrüniň ilkinji ýyllarynda mikroblar bilen galtaşygy az bolýar, ýöne körpe çagalara bu mikroblar özünden uly doganlaryndan ýokuşýar. Alymlaryň pikiriçe, şeýle galtaşyk immunitetiň kadalaşmagyna we onuň kesellere garşy durnuklylygyna ýardam edip biler. Körpe çagalardaky goraglylyk täsiri doganlaryň arasyndaky ýaş tapawudy az bolan maşgalalarda has güýçli ýüze çykdy. Bu ýagdaý hem mikroblaryň göni geçmek ähtimallygyna goşmaça delil bolup durýar. Barlagçylar körpe çagalaryň arasynda ýaramaz endikleriň köp duşmagyny bolsa sosial sebäpler, meselem, uly doganlaryna meňzemek üçin töwekgelçilikli hereketlere baş goşmaga meýillilik bilen baglanyşdyrýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir