Netflix «Kalmar oýny» (Squid Game) serialynyň amerikan spin-off-yny işläp düzmegini bes etdi. Ony režissýor Dewid Finçer düşürmelidi diýip, The Playlist portaly habar berýär. «Kalmar oýny: Amerika» (Squid Game: America) diýip deslapky ady bilen bilinýän taslama ("Heckler' ady hem ulanyldy) franşizanyň iňlis dilindäki wersiýasy bolmalydy. Mundan ozal, Finçeriň «Utopiýa» atly britan serialynyň döreden ssenariçi Dennis Kellini işe çekendigi habar berlipdi. «Kalmar oýnunyň» üçünji möwsüminiň ahyrynda Keýt Blanşett peýda bolup, ol Los-Anjelesde adamlary oýna çekýärdi. Bu hem serialyň ABŞ-da düşürilip bilinjek dowamyna gyzyklanmany döretdi. Tomaşaçylaryň aglabasy bu sahnany Finçeriň düşürmegine garaşylan proýekt bilen bagladylar, emma original serialyň režissýory Hwan Don-hýok bu ýerde baglanyşygyň bardygyny inkär etdi. The Playlist neşiriniň maglumatyna görä, taslama işlenilýän döwründe Netflix-de wezipe üýtgeşmeleri bolup geçdi, şeýle hem kompaniýanyň franşiza babatdaky strategiýasy üýtgedi. Galyberse-de, Finçer başga taslamalar bilen gümra boldy. Ýakynda ol baş roly Bred Pittiň ýerine ýetirmegindäki «Kliff Butuň başdangeçirmeleri» («Приключения Клиффа Бута») atly filmini işläp tamamlady. Neşiriň çeşmeleriniň bellemegine görä, Netflix franşizanyň ösüşini ýeke bir amerikan spin-off-ynyň töwereginde gurmagy meýilleşdirmeýär. Kompaniýa halkara bazarlary üçin aýratynlykda her dürli taslamalary döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýar, emma häzirlikçe resmi taýdan ýekeje-de täze spin-off işlenilmeýär. «Kliff Butuň başdangeçirmeleri» filmi 2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda IMAX kinoteatrlarynda çykar, striming platformasynda bolsa 2026-njy ýylyň 23-nji dekabrynda elýeter bolar.