Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) öňki prezidenti Jozef Baýdeniň saglyk ýagdaýy agyrlaşdy. Bu barada onuň ogly Hanter Baýden BBC teleýaýlymyna beren interwýusynda habar etdi. «Rak keseli ymykly ýaýrap, süňklere we beýleki ýerlere-de ornaşdy. Bu gaty yzaly, köp tarapdan juda tapdan düşürýän kesel» diýip, ol kakasynyň çekýän derdi barada gürrüň berdi. Muňa garamazdan, onuň häzirem edil öňküsi ýaly, merdem maşgalabaşynyň ornunda durandygyny-da belledi. Baýdeniň bu kesele uçrany 2025-nji ýylyň maý aýynda äşgär bolupdy. Lukmanlar onda erkeklik jyns mäziniň çiş keseliniň çalt ýaýraýan görnüşini tapdylar. Ýöne öňki prezidentiň iş edarasy çişiň gormonlara duýgurdygyny, munuň bolsa bejergi almaga mümkinçilik berýändigi hakda teselli beriji maglumaty paýlaşypdy. Baýden ilki gormon bejergisini aldy, 2025-nji ýylyň güýzünde bolsa bäş hepdelik şöhle arkaly bejergä başlap, ony oktýabr aýynda tamamlady. Şol wagtlar Jo Baýden bejergileriň ýaramly täsir edýändigini aýdypdy. 2026-njy ýylyň iýul aýynda Washington Post gazeti bu keseliň we bejergileriň Baýdeni has-da tapdan gaçyrandygyny habar berdi. Neşiriň maglumatyna görä, bejergi birneme netije berse-de, öňki prezident köpçülikden daşlaşyp başlady hem-de diňe hossarlary, ýakyn dostlary we ynamdar kömekçileri bilen gatnaşýar. Jo Baýden 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli ABŞ-nyň Prezidenti wezipesini ýerine ýetirdi. Ol ilki 2024-nji ýylyň saýlawlarynda ikinji möhlete-de dalaşgärlik etmek isläpdi, emma tomus aýynda bu meýlinden dänip, saýlawlarda wise-prezident Kamala Harrisi goldady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir