Google-yň inženerleri Gemma 4 E4B emeli aň modeliniň binýadynda elde göterilýän we özbaşdak işleýän terjimeçi enjamy döretdiler. Ol bir plataly Raspberry Pi 5 kompýuterinde işleýär we ilkinji sazlamalardan soň internet hem-de öýjükli aragatnaşyk bolmasa-da gepleşigi terjime edip bilýär diýip, Android Authority portaly habar berýär. Enjam üçin 3D-printerde çap edip bolýan ýörite korpus işlenip düzüldi. Elektronika enjamlaryň ählisi onuň içinde ýerleşdirilýär, daşynda bolsa displeý, mikrofon, dinamik, dili çalyşmak üçin niýetlenen düwmeler hem-de gürläniňde basmaly düwme bar. Gemma 4 E4B göni enjamda LiteRT-LM fleýmworkynyň kömegi bilen işe girizilýär. Teksti sese öwürmek üçin Moonshire ulgamy ulanylýar. Terjimäni ekrana hem çykaryp bolýar. Enjamyň programma üpjünçiligini inženerler Google Antigravity platformasynda işläp düzdüler. Ilkinji sazlama tamamlanandan soň, terjimeçi doly özbaşdak işleýär, şonuň üçin ony ulanmak üçin ne Wi-Fi, ne-de öýjükli internet ulgamy gerek. Bu diňe bir Google-yň inženerlerine niýetlenen enjam däl. Olar enjamyň başlangyç koduny we korpusy 3D-de printerde çap etmek üçin zerur faýllary GitHub-da ýerleşdirdiler. Bu bolsa isleg bildirýänlere şuňa meňzeş enjamy özbaşdak ýygnamaga mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir