Nissan Qashqai e-Power gibrid krossoweri goşmaça ýangyç guýmazdan hem-de tokdan zarýad almazdan 1980 kilometr ýol geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol köpçülikleýin öndürilýän EREV krossowerleriň arasynda iň gowy netijäni görkezdi — beýle modellerde elektrik hereketlendiriji daşyndan zarýad alman, diňe kömekçi ulgam hökmünde ulanylýar. Synag 14-17-nji iýul aralygynda Kolumbiýada amala aşyryldy. Deňiz derejesinden takmynan 2640 metr beýiklikde ýerleşýän Bogota şäherinden başlanyp, Karib deňziniň kenarynda tamamlanan rekord ýöriş dürli ýol we howa şertlerinde ýerine ýetirildi. Kompaniýa tarapyndan ne takyk ugur, ne-de ortaça sarp edilen ýangyjyň mukdary aýan edildi. Şol bir wagtyň özünde, ýoluň köp böleginiň aşaklygyna gaýdýan eňňitliklere gabat gelendigi, muňa bolsa energiýanyň bir bölegini batareýa gaýtaryp berýän ýörite tormoz ulgamyny netijeli ulanmaga mümkinçilik berendigi bellenilýär. Qashqai e-Power 154 at güýçli 1,5 litrlik üç silindrli turbomotor bilen üpjün edilendir. Bu motor tigirleri göni aýlaman, diňe generator hökmünde işleýär. Ol öndürýän elektrik energiýasyny 2,1 kWt·sagatlyk batareýa geçirýär, krossoweriň özüni bolsa 188 at bilen 330 N·m çekiş güýji bolan elektromotor herekete getirýär. Nissan kompaniýasy bu rekordyň e-Power tehnologiýasynyň hakyky ýol şertlerindäki mümkinçiliklerini açyp görkezýändigini aýdýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir