Adamzadyň ähli tehnologik ösüşlerine garamazdan, Ýer ýüzüniň 70%-den gowrak bölegini tutýan Dünýä ummanynyň çuňluklary henizem düýpli öwrenilmedi. Biz hatda ýakyn kosmosy hem ondan has içgin bilýäris. 400 km belentlikde, howasyz giňişlikde sagatda 28 164 km tizlik bilen aýlanýan Halkara kosmos stansiýasynda adam eýýäm çärýek asyrdan gowrak wagt bäri yzygiderli ýaşap gelýär. Şeýle-de bolsa, şu wagta çenli biziň suw astynda hemişelik ýaşalýan bazalarymyz bolmady. Floridanyň kenarýakalarynda 1993-nji ýyldan bäri işläp gelen iň meşhur Aquarius ylmy-barlag bazasy hem 2024-nji ýylda ulanyşdan çykaryldy. Adaty guwwaslaryň işi çuňluk we dekompressiýa ýaly berk talaplar bilen çäklendirilýär. Şol sebäpden her gezekki çümüşiň esasy bölegi aşak düşmäge, ýokary galmaga we sag-aman suwuň ýüzüne dolanmaga sarp edilýär. Barlag işleri gysga möhletli synanyşyklar arkaly alnyp barylýar, bu bolsa ekoulgamlary öwrenmegi kynlaşdyrýar hem-de juda gymmada düşýär. Britaniýanyň Deep ummany öwreniş kompaniýasy bu ýagdaýy düzetmegiň ugruna çykdy we Vanguard suwasty ýaşaýyş modulyny döretdi. New Atlas-yň habar bermegine görä, silindr şekilli kapsula eýýäm Florida-Kis milli deňiz goraghanasynyň içindäki Tennessi rifinde takmynan 17 metr çuňlukda üstünlikli ýerleşdirildi. Şu ýylyň ahyrynda ilkinji ýaşaýjylaryny kabul etmezinden öň moduly ulanyşa taýýarlap, soňky synaglardan geçirýärler. Uzynlygy 10,7 metre, diametri bolsa 2,5 metre ýetýän modul içinde birwagtda dört akwanawtyň bäş günläp ýa-da ondan hem uzak wagtlap garaşsyz ýagdaýda ýaşap bilmegi üçin niýetlenendir. Vanguard ylmy barlagçylara häli-şindi suwuň ýüzüne çykyp durmazdan, uzak wagtlap düýbüne çümmäge mümkinçilik berýän germetik ýaşaýyş hem iş giňişligini hödürleýär. Kapsula dört ýatalgaly ýaşaýyş zolagyndan, aşhanadan hem-de suwasty dünýäniň panorama görnüşini açýan naharhanadan ybarat. Kapsulanyň gapdalyna hammam otagy, iş ýeri hem-de suwa girip-çykmak üçin ýöriteleşdirilen howuzly daýwing merkezi birikdirilen. Kislorod, elektrik energiýasy we aragatnaşyk üpjünçiligi modula suwuň üstündäki ýöriteleşdirilen buý arkaly berilýär. Vanguard-yň döredilmegi has giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmegiň ilkinji ädimidir. Bu modul geljekde deňiz dübünde bir aýlap dowam etjek missiýalary guramaga mümkinçilik berjek Sentinel atly suwasty ýaşaýyş toplumynyň (DEEP kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýän modully ulgam) tehnologik nusgasy bolup hyzmat edýär. Gazanylan tejribe inženerlere has uly suwasty taslamalar üçin ýaşaýyş üpjünçilik ulgamlaryny we logistikany kämilleşdirmäge kömek eder. Vanguard-yň doly güýjünde ulanylmagy ylym we söwda üçin giň mümkinçilikleri açyp berer. Alymlar bu stansiýany: korall riflerine gözegçilik etmek, klimat üýtgeşmelerini öwrenmek, täze suwasty datçikleri (sensorlary) synagdan geçirmek, ynsanyň uzak wagtlap suw astynda galmaga fiziologik taýdan uýgunlaşmagyna syn etmek üçin ulanyp biler. Mundan başga-da, şeýle modullary kosmonawtlar üçin türgenleşik bazasy hökmünde ulanmak göz öňünde tutulýar. Sebäbi deňiz düýbündäki ýaşayşyň üzňelik, çäklendirilen giňişlik we ýaşaýyş üpjünçilik ulgamlaryna doly garaşlylyk ýaly aýratynlyklary kosmos uçuşlary bilen örän meňzeşdir.