«High Line Art» maksatnamasynyň guramaçylary 2029-njy ýylda Nýu-Ýorkdaky «Haý-Laýn» seýilgähinde oturdyljak täze heýkeli saýlamak işine girişdiler. Dalaşgärleriň arasynda «Lezzetli gyzyl» diýlip atlandyrylan, heňlän äpet alma galyndysy hem bar. Bu nýu-ýorkly heýkeltaraş Ketlin Raýanyň eseridir. Ol gymmat bahaly daşlary ulanyp, çüýrän we heňlän miweleriň uly göwrümli heýkellerini ýasap at gazandy. Awtoryň pikirine görä, şeýle eserler çüýremegiň tebigy ýagdaýdygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, heýkel çüýrän miweleriň üsti bilen ýaşaýşyň wagtlaýyn bir zatdygyny ýaňzydýan barokko stilindäki natýurmortlary-da ýatladýar. Şu ýerde Nýu-Ýork şäheriniň özüne-de «Uly alma» (The Big Apple) diýilýändigini bellemek gerek. Heýkel «High Line Art» tarapyndan yzygider geçirilýän çeperçilik desgalarynyň bäsleşigine gatnaşýar. Ýeňijini kesgitlemäge şäheriň ýaşaýjylary hem goşular. Şu ýylyň baharynda «Haý-Laýn» seýilgähinde Tuan Endrýu Nguýeniň döreden Budda heýkeli peýda bolupdy. Ony ozal oturdylan ägirt uly kepderi heýkeliniň ornunda goýdular. Sergi tamamlanandan soň, onuň ornuny haýsy eseriň eýelejekdigi kesgitlener. Bäsleşige gatnaşýan beýleki täsin işleri şu salga basyp görüp bilersiňiz. Ine-de olaryň käbirleri:

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir