1-nji iýulda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Migrantlaryň bikanun geçirilmegine garşy göreşmek boýunça Global alýansyň Ýokary derejeli wekilleriniň ikinji maslahaty geçirildi. Halkara maslahata birnäçe daşary ýurt döwletleriň, halkara guramalaryň wekilleri we şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär. Türkmen wekiliýeti Global alýansyň Ýokary derejeli wekilleriniň ikinji maslahatyna gatnaşdy Maslahatyň gün tertibi migrasiýa ulgamyndaky giň gerimli möhüm wezipeleri öz içine aldy. Forumyň barşynda sebit we ählumumy derejelerde migrasiýany dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyklar ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýany dolandyrmagyň meseleleri boýunça özara pikir alşyldy. Halkara çäräniň netijeleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen Ählumumy alýansyň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasynyň taslamasy maslahatlaşyldy. Maslahatyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir