1-nji iýuldan başlap, Şwesiýada salgyt, durmuş syýasaty, jemgyýetçilik howpsuzlygy we maşgala hukugy ýaly ugurlara dahylly täze kanunlar güýje girdi. Olaryň arasynda iň özüne çekijisi – tans çärelerine goşulan baha üçin salgytlaryň 25 göterimden 6 göterime çenli azaldylmagy boldy. Azyk harytlary dükanlary we dermanhanalar indi nagt pul kabul etmeli, banklar bolsa, nagt pul tabşyrmaklygy üpjün etmeli hem-de nagt pul serişdelerini çalyşmaly bolarlar. Şol günden doganoglan garyndaşlaryň arasynda nikalar gadagan edildi. Häkimiýetler bu çäräniň mejbury nikalara we «namys» diýilýän düşünje bilen bagly jenaýatlara garşy göreşmekden ybaratdygyny belleýärler. Şeýle hem gartaşan adamlara hossarlyk edilende, şwed dilini hökmany ýagdaýda bilmek, benzine we dizel ýangyjyna salgydy azatlmak, jemgyýetçilik ulaglaryna ýol töleglerini ýylyň aýagyna çenli iki esse arzanlatmak bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir