2026-njy ýylyň maý aýynda russiýalylar 23 müň çemesi ulanylan motosiklleri satyn aldylar, bu geçen ýylyň maýyndakydan 20 göterim köpdür diýip, ýurduň «Awtostat» agentligine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. Motor tehnikalarynyň ikinji el bazarynyň 60 göterimden gowragy bäş kysymyň paýyna degişli boldy: «Honda» (4,4 müň birlik), «Yamaha» (3,4 müň b.), «Kawasaki» (2 müň b.), «BMW» (1,9 müň b.) we «Suzuki» (1,9 müň b.). «Harley-Davidson» motosiklleriniň ikinji el söwdasy hem bir müň birlikden geçdi, ýagny olaryň 1,4 müň sanysy satyn alyndy. Motosiklleriň kysym reýtinginde 0,9 müň birlik bilen «Honda CBR» öňdeligi eýeledi, ikinji orunda — «Honda CB» (0,7 müň), üçlügi «Suzuki GSX» jemledi (0,5 müň). 2026-njy ýylyň bäş aýynda ýurtda 52,5 müň sany ulanylan motosikller satyn alyndy, bu geçen ýylyň ýanwar-maýyndakydan 5 göterim köpdür.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir