Amerikanyň Florida ştatynda alligatorlaryň adamlara hüjüm edýän pursatlary artdy, diňe soňky hepdede şeýle wakalaryň üçüsi hasaba alyndy diýip, CNN teleýaýlymy habar berdi. Arasy 24 sagat bolan iki wakanyň soňkusynda 31 ýaşly zenan heläk boldy. Ol tanyş ýigidi bilen Orlandodan demirgazykdaky Ekonlokhatçi kölünde suwa düşmekçi bolanlarynda, ony alligator dişledi. Zenany halas etmek üçin synanyşyklar şowsuz tamamlandy, ol alan şikeslerinden ýogaldy. Tizara degişli gulluklaryň işgärleri wakanyň bolan ýeriniň golaýyndan iki sany 4 we 3,6 metrlik alligatorlary tutdular. Floridanyň Ýabany tebigaty goramak boýunça geňeşiniň maglumatlaryna laýyklykda, her ýyl ştatda ortaça sekiz sany şeýle hüjüm hasaba alynýar. Geçen ýylda ştatda hasaba alnan alligatorlaryň 13 hüjüminiň ikisinde adam pidalary boldy. Umuman alnanda, 1948-nji ýyldan bäri Floridada suw ýyrtyjylarynyň 450 hüjümi hasaba alnyp, olaryň 30-sy adam ölümi bilen tamamlandy.