Italiýanyň demirgazygyndaky Garda kölüniň suwy adatdan daşary yssy sebäpli diňe soňky hepdede 10 santimetr pese düşdi. Bu barada «Bild» neşirine salgylanýan «Belta.by» habar berdi. «Örän yssy tomus gün suwuň üstüniň her inedördül metrinden 6-7 litr suw bugaryp bilýär. Eger bu görkezijini Garda kölüniň äpet meýdanyna dahylly hasaplasaň, onda howa bugarýan suwuň diýseň kän möçberi emele gelýär» diýip, klimatolog Karsten Brandt gürrüň berýär. Italiýanyň «L'Arena» gazetiniň ýazmagyna görä, bu köl häzirki wagtda her gün 7,4 milliard litr suw ýitirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir