Gazagystanda sala salşykda kabul edilen täze Konstitusiýa 1-nji iýuldan başlap, güýje girdi. 1995-nji ýylda kabul edilen öňki Esasy Kanun öz güýjüni ýitirdi. «Bu gün garaşsyz Gazagystanyň taryhynda täze eýýam başlanýar. Biz progresiň, syýasy we ykdysady özgertmeleriň, giň gerimli täzelenişleriň şaýoluna düşýäris. Bu gün syýasy ulgamy üýtgedip gurmagyň, döwletiň esasy institutlarynyň we raýat jemgyýetiniň özgerişliginiň başlanýandygyny alamatlandyrýar» diýlip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýurduň täze Konstitusiýasynyň güýje girmegi bilen bagly ýüzlenmesinde bellenýär. 2026-njy ýylyň 15-nji martynda geçen sala salşykda kabul edilen täze Konstitusiýada bir palataly parlamente geçmek, Prezidentiň orunbasarynyň wezipesiniň girizilmegi, Halk geňeşine ýurduň ýokary maslahat beriş edarasy derejesiniň berilmegi hem-de beýleki üýtgetmeler göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da Gazagystanyň Konstitusiýa güni her ýyl 15-nji martda bellener.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir