Belet striming platformasynda «Standart» abuna bukjasynyň ulanyjylary üçin Günorta Koreýanyň «Menejer Kim» atly serialynyň ilkinji iki bölümi elýeterli edildi. Serial «Agent Kim ýene-de işe girişýär» (Agent Kim Reactivated) ady bilen hem tanalýar. Serialyň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda boldy. Täze bölümler Günorta Koreýanyň SBS teleýaýlymynda her anna we şenbe günleri ýaýlyma berilýär. «Menejer Kim» — Naver platformasyndaky şol bir atly webtunyň esasynda surata düşürilen 10 bölümden ybarat dartgynly söweşjeň serialdyr. Şeýle hem ol meşhur «Lukizm» komiksiniň sýužetini dowam etdirýän aýratyn taslama (spin-off) hasaplanýar. Belet platformasyna ýazylanlar serialyň täze bölümlerini platformada elýeterli boldugyça tomaşa edip bilerler.