Güýçli çabgalar Hindistanyň Assam we Arunaçal-Pradeş ştatlarynda sil joşmalara hem-de weýrançylyklara getirdi. Bu barada «Hindustan Times» gazetine salgylanýan «Belta.by» habar berdi. Sil joşmalardan Assam ştatynyň alty okrugynda 22 müňden gowrak adam ejir çekdi. Ýagdaý has-da Dhemaji okrugynda çylşyrymly, ol ýerde 15 müň adam ejir çekdi, 96 obany suw basdy, oba hojalyk ýerleriniň 1700 gektaryna zyýan ýetdi. Dhemaji okrugynda demir ýoluň köp bölegi hatardan çykyp, otly gatnawy bozuldy. Arunaçal-Pradeş ştatynda sildir süýşgünlerde üç adamyň heläk bolandygy habar berilýär. Meteorologlar bulaşyk howanyň azyndan 1-nji iýula çenli dowam etjekdigini duýdurýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir