Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy brendleriniň bazardaky ornuny barha berkitdi. Kompaniýalar ozal Aziýa bilen deňeşdirilende kondisionerleriň o diýen meşhur bolmadyk Ýewropa ýurtlarynda satuwyň çalt depginlerde artýandygyny habar berýär. Aziýanyň iri megapolislerinde sowadyş ulgamlary birwagtlar adaty bir zerurlyga öwrülen bolsa, Ýewropanyň ýaşaýyş we söwda pudagynda (aýratyn-da, taryhy binalarda) olaryň gurnalma derejesi pesligine galýardy. Samsung Electronics kompaniýasynyň wekilleri birinji ýarymýyllygyň netijeleri boýunça Fransiýa, Italiýa we Ispaniýa ýaly esasy bazarlarda satuwyň iki belgili depginler bilen ösendigini habar berýär. Kompaniýa muny gönüden-göni tomsuň jöwzaly yssysy bilen baglanyşdyrýar. Midea kompaniýasynda bolsa PortaSplit hataryndaky kondisionerlere bolan gyzyklanma şeýle bir güýçli boldy welin, netijede käbir ýerlerde haryt gytçylygy döredi. Ikinji el bazarynda bu modeliň bahalary hatda täze enjamlaryň resmi bahasyndan hem geçip gitdi. Midea-nyň resmi beýanatynda şeýle diýilýär: «Maý aýynyň soňky iki hepdesindäki işjeň yssy satuwy, aýratyn-da, käbir ugurlarda doly satylyp gutaran PortaSplit kondisionerleriniň satuwyny ep-esli artdyrdy». Içki statistiki maglumatlara görä, maý aýynda Germaniýanyň onlaýn platformalary arkaly amala aşyrylan satuwyň göwrümi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, takmynan, 37% ýokarlandy. Şol bir wagtda Ispaniýa we Fransiýa iberilen harytlaryň göwrümi ýyllyk hasabatda birbada 108% böküş görkezdi. Ýewropa ýurtlarynda sowadyş ulgamlaryny gurnamak prosesi uly kynçylyklar bilen utgaşýar. Köne binalarda enjamlary gurnamak tehniki taýdan kyn we gymmat proses bolup durýar, satyn alyjylar bolsa, köplenç, öz nobatyna uzak wagtlap garaşmaly bolýar. Midea kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, häzirki wagtda Ýewropada bir kondisioneri gurnamagyň bahasy 1000 ýewrodan geçip bilýär, bu bolsa hyzmaty köp ýerli maşgalalar üçin örän gymmat edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir