Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedow Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen hereket edýän elektrik stansiýalarynda we ýylylyk elektrik merkezlerinde, şeýle hem elektrik geçiriji ulgamlarynda we beketlerde zerur işler alnyp barylýar. Bu bolsa sarp edijileri elektrik energiýasy bilen kadaly üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmek babatda tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir